TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÖZBEK HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly pugtalandyrylýandygy bellenilip geçildi.

Taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygyny tassyklamak bilen, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen bilelikdäki işiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen geljekki ädimler kesgitlenildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikirler alyşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidilmeginde bilelikdäki Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini belläp geçdiler.