TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, şeýle hem ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Wekili hanym Paulina Karwowska çykyş etdiler. Çykyş edenler BMG-niň Ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli maslahatynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi hem-de bu ugurda iş ýüzünde netijeleri gazanmak üçin degişli ýurtlara goldaw bermek barada aýtdylar.

Mundan başga-da duşuşygyň barşynda bu halkara maslahatyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.