TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 27 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK GURNALDY

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Tähran şäherinde ýerleşýän halkara “Parsian Esteghlal” myhmanhanasynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy.

Bu çära Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri, Daşary işler we Nebit ministrleriniň orunbasarlary, Gülüstan welaýatynyň häkimi, Mejlisiň deputatlary, we başgada birnäçe ýokary wezipeli wekiller, Eýranda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary, türkmen we pars milletleriniň abraýly ýaşulylary, ýazyjy şahyrlary, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem Türkmenistan bilen işleri alyp barýan birnäçe şereketleriň ýolbaşçylary hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň  döwlet senalary ýerine ýetirilenden soň myhmanlara giriş sözi bilen ýüzlenip Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.K.Gurbanow çykyş etdi. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslama söz berildi.

Resmi dabarynyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerine bagyşlanyp ýurdumyzda soňky ýyllarda geçirilen ýokary derejeli çäreler we alynyp barylýan işler barada wideoşekiller görkezildi.

Ilçihana tarapyndan kitap we suratlar sergisi hem gurnaldy.