img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly Halkara bilim forumy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine bilim ministri J. Gurbangeldiýew ýolbaşçylyk etdi.

Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bilim ministri öz çykyşynda ýurtda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleri, şol sanda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Halkara ýaşlar ylmy-bilim klasterlerini döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda rektorlar forumlaryny geçirmek, talyplaryň alyş-çalşygyny giňeltmek we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri bellenildi.

Forumyň çäklerinde «Merkezi Aziýanyň bitewi bilim giňişligini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy» atly tegelek stol hem geçirildi.