img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy. Parahatçylygy, durnuklylygy we sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň bähbidine yzygiderli syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmegiň hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we üç döwletiň bar bolan mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň hem-de Merkezi Aziýany Kawkaz we dünýäniň beýleki sebitleri bilen baglanyşdyrýan halkara ulag geçelgelerini pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.