ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisi açmak bilen, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy – ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň has-da giňeýändigi, bu gatnaşyklaryň howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň dolandyrylyşy we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly täze ugurlary hem öz içine alýandygy aýratyn nygtaldy.
Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri boýunça Milli toparyň alyp baran işleriniň hasabaty diňlenildi hem-de onuň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistanda tebigy, taryhy we medeni gymmatlyklary öz içine alýan geoparklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň işi baradaky hasabat çykyşlary hem diňlenildi.
Pudaklaýyn edaralaryň arasynda utgaşykly işi kämilleşdirmek we täze bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmak boýunça tekliplere hem seredildi.
Mejlise gatnaşyjylara Türkmenistany ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2026–2030-njy ýyllar üçin agzalygyna hödürlenmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça 2025-nji ýylyň galan döwri üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk teklipler kesgitlenildi.