Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.
Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Azerbaýjanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandy üçin Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Premýer-ministr derejesinde gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan, dostluk we ynanyşmak esasynda alnyp barylýan ýokary derejeli gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyga yzygiderli itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Prezident Ilham Aliýew bilen üçünji gezek duşuşýandygyny, 16-17-nji iýulda Azerbaýjana bolan saparynyň, 22-nji awgustda Ilham Aliýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol gepleşiklerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugta binýady döredildi. Häzirki wagtda doganlyk gatnaşyklarymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi we ýakyndygy aýdyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Prezident Ilham Aliýewi oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hazar boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, söwda, deňiz gatnawlary we ylmy gözlegler ýaly ugurlary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Hazar deňziniň häzirki ekologik ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu sammitiň esasy mowzugy hökmünde deňziň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň orta çykarylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, bar bolan mümkinçilikleri has doly derejede durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir. Söhbetdeşler ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär. Türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhynyň, däp-dessurlarynyň, diliniň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini, ýurdumyzyň bu çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem söhbetdeşler halyçylyk, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.