Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.