img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 34 ýyllyk baýramy

photo

2025-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Tähran şäheriniñ Azady meýdanynda Türkmenistanyñ baýdagynyñ görkeziliş dabarasy geçirildi.

Bu çäraniñ dowamynda ýurdumyzyñ Döwlet senasy hem-de türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gahryman Arkadagymyzyñ "Öñe, öñe, diñe öñe jan Watan Türkmenistan" diýen aýdymy ýañlandy.

Agzalan dabara Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyñ Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Çära Eýran Yslam Respublikasynyñ Daşary işler ministrligi, Tähran şäheriniñ häkimligi, ýerli dolandyryş edaralary, ýurduñ ýaşaýjylary we bu meýdany görmäge gelen syýahatçylar gatnaşdylar.