2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumy geçirildi.

img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, konstruktiw we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmen tarapy bu guramanyň işjeň agzasy hökmünde, onuň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlerine yzygiderli gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy.

Agzalan foruma Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, YHG-nyň agza ýurtlarynyň Ilçileri, hormatly myhmanlar hem-de Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň maksady YHG-nyň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady, tehnologiki we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny syn etmekden, şeýle hem Guramanyň ösüşiniň täze strategiýasyny taýýarlamak boýunça ekspertleriň tekliplerini işläp düzmekden ybarat.

Şeýle hem forumyň çäklerinde üç sany ýöriteleşdirilen mejlis geçirildi. Olar «Sebitara aragatnaşyk we arabaglanyşyk», «YHG we täze tehnologiýalar» hem-de «ECO Vision 2035» atly mejlislerden ybarat.