Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Maksat Hudaýkulyýew Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň işine agza ýurtlaryň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar gurama agza ýurtlaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini şol sanda sebitleýin söwdanyň dolanşygyny ýeňilleşdirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda Gümrük ulgamynda sebit ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.

Mejlise gatnaşyjylar onda gazanylan ylalaşyklaryň sebitara arabaglanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we halkara ýükleriniň gatnadylmagynda ösüşleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.