Gülüstan welaýatnda geçirlen duşuşyklar
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisiniň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Asgar Tahmasabi we beýleki wezipeli ýolbaşçylar bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda şeýle-de, Balkan we Gülüstan welaýatlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, Kümmet-Kowus şäherinde Magtymguly Pyragy birleşigi tarapyndan geçirlen medeni çärä gatnaşdy. Çäräniň dowamynda çykyşlarda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidigi nygtaldy.
Saparyň dowmynda Ruhy lideriniň welaýatdaky wekili Seýed Kazem Nurmofidi bilen hem duşuşyk geçirildi.