Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumynyň jemleri boýunça brifing

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň jemleri boýunça brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde çykyş edenler şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen forumyň ähmiýetiniň Magtymgulynyň, şahyryň adynyň we keşbiniň ynsanperwerlik, adalatlylyk, raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýurtlary we halklary birleşmeginiň nyşanlarynyň birine öwrülendigi bilen şertlendirilendigini bellediler. Beýik şahyr beýleki ýurtlarda bolmak bilen, şol ýerlerde ýaşaýan adamlara türkmen halky, onuň däp-dessurlary we adatlary baradaky maglumatlary ýetirdi, şeýlelik bilen, gepleşige, medeniýetleriň we bilimleriň özara aralaşmagyna ýardam berdi.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasaty Magtymgulynyň dünýä, şol dünýäde türkmen halkynyň orny we ýeri baradaky pikirleriniň we garaýyşlarynyň mirasdüşeri we dowam edijisidir. Magtymguly Pyragynyň mirasy häzirki zaman türkmen döwletliliginiň, onuň içeri syýasatynyň binýadyna ornaşdy we beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda ýol görkeziji çelgi bolup hyzmat edýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyna siňdi.

Brifingde ýurdumyzyň geljek ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny bellejekdigi we parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna täze döredijilik başlangyçlaryna açykdygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de global ösüşiň möhüm meseleleri boýunça giň we ulgamlaýyn köptaraplaýyn özara gatnaşyklary üçin halkara hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek barada pikir alyşmalar boldy.

Brifingiň dowamynda bellenilişi ýaly, geçirilen halkara forumyna dünýäniň 24 ýurdunyň wekilleri, şol sanda döwlet baştutanlarynyň derejesine – 10 wekiliýet, 8 sany halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşandylar. Forumy şöhlelendirmek üçin 200-den gowrak daşary ýurt KHBS-iň wekili Türkmenistana geldiler.