Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory bilen duşuşyk hakynda

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara guramalary departamentiniň başlygynyň  Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory (IICAS) Ewren Rutbil bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Gepleşikleriň dowamynda geçen ýylyň sentýabr aýynda Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen çözgüdüň esasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi» atly  köptaraplaýyn hödürnamanyň taýýarlygy boýunça geçirilen işleriň netijeliligi barada aýdyldy.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktoryna täze işinde üstünlikler arzuw edip, Merkezi Aziýanyň taryhy-medeni ösüşi bilen bagly meseleler dogrusynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi.