img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO) täze bellenilen Baş sekretary bilen geçirilen duşuşyk barada.

photo

09.09.2024 senesinde EKO-nyň Sekretariatynyň başlangyjy boýunça Baş sekretar Asad Han bilen Ilçihananyň binasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Baş sekretar täze wezipä bellenilmegi mynasybetli mähirli gutlanyp, guramanyň çäklerinde alnyp barylýan ykdysady we beýleki hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alşyldy.