Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we adam hukuklary babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilelikdäki mejlisiň gün tertibine Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşmak hem degişli edildi. Şu nukdaýnazardan halkara guramalaryň wekilleri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň her bir ugrunyň bilelikdäki degişli meýilnamalarda we taslamalarda görkezilendigini bellediler.

Geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde çykyş edenler BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek baradaky teklipleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara guramalary bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulan adam ölçegi çygrynda meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda milli hasabatlary, synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmek ugrunda yzygiderli geçirilýän seminarlaryň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Pudagara toparyň agzalary we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleri umumy Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek, adam hukuklarynyň we milli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.