Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleri

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleri

 

2016-njy ýylyň 17-21-nji maýy aralygynda EYR-nyň Tähran şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilmegi göz öňünde tutlýar.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna EYR-nyň hökümetiniň, daşary ýurtlaryň akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlaryň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Bu medeni çäräniň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklaryna we bu ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösmegine saldamly goşant goşar. Türkmen halkynyň milli aýdym-saz mirasynyň, nusgawy operasynyň we estrada eserleriniň esasynda düzülen uly konserti Türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde geçiriler.

Şeýle hem, medeni sergi merkezinde Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň amaly-haşam sungatynyň, milli şaý-sepleriniň, haly önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnalar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň EYR-nyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň tanyşlyk duşuşygy geçiriler. Duşuşygyň dowamynda taraplar medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri bilen bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek Medeniýet günleriniň Meýilnamasy

17-nji maý, sişenbe

15.00 - 17.00- Tähranyň “Wahdat” milli zalynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.

 

 

 

18-nji maý çarşenbe

 

10.00 – 11.00- Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi we muzeý merkezinde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy.

 

15:30-16:00- Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi we muzeý merkezinde türkmen kinofilmleriniň görkezilişiniň açylyş dabarasy we “Gumly Gelin” atly kinofilmiň görkezilişi.

 

19-njy maý, penşenbe

 

09.00 – 18.00- Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi we muzeý merkezinde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň işiniň dowam etmegi.

16:00-17:00- Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi we muzeý merkeziniň kinoteatrynda “Seýis” atly kinofilmiň görkezilişi.

 

20-nji maý, anna

 

09.00 – 18.00- Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi we muzeý merkezinde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň işiniň dowam etmegi.

11:00-12:00- Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi we muzeý merkeziniň  kinoteatrynda “2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlary” we “Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri” barada dokumental filmleriniň görkezilişi.

19:00-20:00- “Milad” dynç alyş ýerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.