Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna we ýokary derejedäki duşuşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Bu ugurda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň işine uly ähmiýet berildi.

Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum ulgamy boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.