Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi.

I.Žiwkowiç döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk, täze üstünlikleri gazanmagy baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi we abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy aýawly saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan talaplaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär we Türkmenistan bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Bu işleriň ählisi biziň ýurdumyzyň tebigaty goramaga we onuň ajaýyplygyny köpeltmäge ygrarlydygyny, umumy abadançylygy üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutany nygtady we türkmen tarapynyň bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen alnyp barylýan taslamalary mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasy ýurdumyzda ileri tutulýan milli sanly ulgamy ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda, ykdysadyýetiň täze, durnukly ýollaryny gözlemekde, döwlet hyzmatlaryny we döwlet gullukçylarynyň bilim derejelerini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmak üçin Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny ýene bir gezek tassyklanyldy.