Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler.

ÝUNESKO-nyň wekili Almatydaky edaranyň bilim, ylym we medeniýet pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermäge dowam etjekdigine ynandyrdy.