Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.  

Duşuşykda türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň giň gerimi, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.

Döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna goşant goşýan iň ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berildi we sebitde we onuň daşynda howpsuzlygy, durnuklylygy we durmuş-ykdysady ösüşi goramakdaky garaýyşlaryň meňzeşligi tassyklandy.