Eyran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň taryhy we medeni Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi.


Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, türkmen filmleriniň görkezilişi, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy.

Şeýle hem bu döredijilik çäresine ýurdumyzyň tanymal artistleri, Türkmenistanyň Döwlet tans topary we beýleki sungat we döredijilik ussatlary öz çykyşlary bilen gatnaşdylar.