TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, motoýörişiň üstünlikli geçirilmegini hem-de Hazar sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak işinde öňde goýlan maksatlara ýetmegi arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Igor Babuşkin bu halkara taslamanyň Hazarýaka ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge, ykdysady, medeni, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň serhetýaka sebiti hökmünde Astrahan oblastynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Wajyp ugurlarda özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmegi işjeň ugur edinýän Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda anyk ädimleri ädýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Hazar deňziniň töweregi boýunça motoýörişi guramak başlangyjyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda öňe sürendigini nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, hoşniýetliligiň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň öňden gelýän ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Astrahan oblasty bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda özara söwda dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Taraplar şeýle hem geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň zerur boljakdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Astrahan oblastynyň portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny açmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, türkmen tarapynyň bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamynda işleri utgaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere üns berildi.

Bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.